Belli Creative - köpugurly dizaýn studiýa. Studiýa brend şahsyýetlerini emele getirýär we olara kämil strategiýalar düzýär. Islendik ulgamda ýüzleşilýän dizaýn meselelerine iň amatly çözgüt we täzeçe usul tapýar.

  • 2016
  • 2017
  • 2018
  • 2019
  • 2020

Hyzmatlar

Biz bir brendiň döremegi, ýaşamagy we ösmegi üçin gerekli bolan ähli hyzmatlary berýäris. Emma, olary bölekleýin däl-de, bitewi görnüşde we uzak möhletleýin bermegi halaýarys. Munuň iki tarap üçin hem has bähbitlidigine ynanýarys.

Studiýa aýdym kliplerine, toýlara, doglan günlere, sünnet toýlara, uçurymlara ýa-da islendik ýatdan çykmajak günlere degişli hyzmatlaryň hiç biri bilen meşgullanmaýar.

Esaslandyryjalar

Döwlet Geldiýew

Daýanç Babaýew

Belli Creative - 2014-nji ýylda Döwlet Geldiýew we Daýanç Babaýew tarapyndan Aşgabatda esaslandyryldy we industriýanyň ilkinji studiýa sistemasynda işläp başlan iş ýeri boldy.